DÜNÝÄ

Afrika Bileleşigi “G20” guramasynyň hemişelik agzasy boldy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Hindistanyň paýtagty Täze Deli şäherinde G20 guramasynyň döwlet we hökümet baştutanlarynyň sammiti geçirilýär. Bu sammite başlyklyk edýän Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi Afrika Bileleşigini bu gurama hemişelik agza hökmünde kabul edilendigini mälim etdi.

– Hindistan Afrika Bileleşigini gurama hemişelik agza etmegi teklip edýär we guramanyň ähli agzalarynyň bu teklip bilen ylalaşjakdygyna ynanýaryn. Siziň ähliňiziň goldawy bilen Afrika Bileleşigini G20 goşulmaga çagyrýaryn – diýip, Modi guramanyň sammitiniň ilkinji mejlisinde eden çykyşynda belläp geçdi.
Modiniň bu çykyşyndan soňra Hindistanyň daşary işler ministri Subramanýan Jaýşankar Komor adalarynyň Prezidenti we Afrika Bileleşiginiň başlygy Azali Assumanini tegelek stoluň başyna geçmäge çagyrdy we onuň öňüne Afrika Bileleşiginiň baýdagyny we ýazygysyny goýdy.
Modi iýun aýynda G20 guramasynyň ýolbaşçylaryna iberen hatynda Afrika Bileleşigini guramanyň doly hukukly agzalygyny hödürlemegi teklip edipdi. Bu teklibi guramanyň köp sanly ýurdy goldapdy. Afrika Bileleşigi Afrika yklymynyň 55 döwletini birleşdirýän iri guramadyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy