BILIM

Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Halkara gatnaşyklary institutynda duşuşyk geçirdi

Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatanyň ýolbaşçylygynda wekiliýetiň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutda geçirilen duşuşygy boldy. Bu barada Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata, Sukuba uniwersitetiniň prezidentiniň global işler boýunça orunbasary Jun Ikeda, şeýle hem Ýuji Mori, “Ýapon gaznasynyň (Nipon Foundation)” ýerine ýetiriji direktory öz çykyşlarynda uzak geljegi yzarlaýan maksatlary durmuşa geçirmekde ýerine ýetirmeli işleri tapgyrlaýyn amala aşyrylmagy barada gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýapon dili ikinji daşary ýurt dili hökmünde öwredilýär. Institutyň okuw maksatnamalarynda Ýaponiýanyň medeniýeti, taryhy, edebiýaty we daşary syýasaty bilen bagly okuw dersleri içgin okadylýar. Ýapon diliniň aýratynlyklary Dünýä dilleri kafedrasynyň geçirýän “dil hepdeliklerinde” içgin açylyp görkezilýär. Bu geçirilýän işler institutyň talyplarynda ýapon diline bolan gyzyklanmany has-da ýokarlandyrýar.

 

 

Ýene-de okaň

Tatarystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Makul Sözlük: diller arasynda ygtybarly köpri

Dr.Döwran Orazgylyjov

Samarkantda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» uniwersitetleriniň kongresi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar halkara matematika olimpiadasy 29 medal gazandylar

TOHU-da brendleriň psihologiýasy boýunça açyk sapak geçirildi

“Ýaş inžener 2026” atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi