BILIM

ABŞ-da okamak mümkinçiligi

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy ABŞ-da ýokary bilim almak isleýän ýaş türkmen raýatlaryny ABŞ-nyň uniwersitetlerine kabul edilmek üçin “Prep4Success” onlaýn okuwyna çagyrýar.

Bu barada berlen bildirişe görä, dalaşgärleriň orta mekdebi gutaran, bakalawr derejesi bolmadyk, häzirki wagtda Türkmenistandaky uniwersitetde ýa-da başga bir ýurtda hasaba alynmadyk bolmalydygyny (hünärmen mekdepleri gutaranlar ýüz tutup bilerler) we dalaşgärleriň orta / ýokary derejeli bolmalydygy bellenilip geçilýär.

Bu onlaýn okuwyna ýazylmak üçin iň soňky möhlet 2021-nji ýylyň 4-nji fewralydyr.

Bu, TOEFL / SAT synaglaryna taýýarlanmaga, şeýle hem analitiki pikirleniş usullaryny ulanyp, esasy akademiki okamak we ýazmak endikleri bilen tanyşmaga kömek etjek 18 hepdelik taýýarlyk okuwydyr. Bu okuwyň Amerikanyň kollejine ýa-da uniwersitetine üstünlikli girmek üçin zerurdyr.

Ýüz tutmak üçin gerekli materiallaryny şu web sahypamyzdan göçürip almak bolar: http://americancouncilstm.org/program-applications/

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

 

 

 

Related posts

Malaýziýanyň türkmen talyplary üçin talyp haklary mümkinçilikleri öwreniler

Sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlar geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň instituty Ýaponiýanyň DIM-niň Hormat haty bilen sylaglandy