SPORT

Türkmen pälwanlary Buharestde geçirilen ýaryşda ajaýyp netijeleri görkezdiler

22 ýurtdan 200-den gowrak türgen 17-nji awgustdan 20-nji awgust aralygynda Rumyniýanyň paýtagtynda geçirilen UWW “Ion Cornianu & Ladislau Simon” ýaryşyna ýygnandylar. Bu ýaryşa Türkmenistan hem türgenler gatnaşdylar diýip, Türkmenportal habar berýär.

Erkin we grek-rim göreşleri boýunça türkmen pälwanlary üç medal gazandylar – iki altyn we bir kümüş.

Erkin göreşde iki türkmen türgeni ýeniji boldy: Döwletmyrat Orazgylyjow 92 kilograma çenli agram derejesinde çempion boldy, 79 kilograma çenli agram derejesinde Gurbanmyrat Öwezberdiýew ikinji ýeri eýeledi.

Grek-rim göreşinde 55 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşen Umyt Durdyýew altyn medal gazandy.

Related posts

Buffon 20 ýyldan soňra dolanyp geldi

Dünýä çempionatynyň çempiony 42 million dollar baýrak alar

Mbappe Messiniň rekordyny täzeledi