DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Eýran tozan we çägeli tupanlara garşy göreş alyp barar

Türkmenistan bilen Eýran soňky ýyllarda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýygy-ýygydan emele gelýän tozan we çägeli tupanlara garşy göreş babatda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Iran Press” habarlar gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babaniýazow bilen Eýranyň Daşky gurşawy goramak boýunça ministrliginiň daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça ministriň orunbasary Iraj Heşmatiniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda howanyň üýtgemeginiň sebite edýän täsiri, hususan-da, tozanly tupanlaryň emele gelmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky tozanly sebitlere iş saparlaryny gurap, tejribe alyşmagyň möhümdigini bellediler.

Türkmenistanyň ministri daşky gurşawy goramagyň we biologik köpdürlüligiň ählumumy ähmiýeti barada belläp, ähli döwletleriň bilen hyzmatdaşlyk etmegiň möhümdigini mälim etdi.

Şeýle hem türkmen tarapy tozan we çölleşmäge garşy göreşmegiň çäklerinde ösümlik dünýäsini ösdürmegiň wajypdygyny aýdyp, Türkmenistanyň ekologiýa babatda Eýran we beýleki sebit ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belläp geçdi.

Tozanly tupanlar howanyň hiliniň ýaramazlaşmagyna, saglyga we ykdysady zeper ýetmegine sebäp bolýan ekologik meselesidir. Tozanly tupanlaryna garşy göreşde Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk bu meseläni çözmekde möhüm ädim bolup biler.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri