SPORT

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin ylalaşyga gol çekildi

Şu gün Aşgabatda kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada ylalaşyga gol çekişmek hem-de Halkara Kuraş assosiasiýasynyň baýdagynyň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine gowşurylyş dabarasy geçirildi.

20230816_110743.jpg

Bu dabara Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy, Halkara Kuraş assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Haýder A. Farman we onuň orunbasary Ziewiddin Hojiniýazow, beýleki federasiýalayrň wekilleri, talyplar hem-de metbugat wekilleri gatnaşdy.

Halkara Kuraş assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Haýder A. Farman öz çykyşynda Aşgabatda kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek üçin görülýän taýýarlyga ýokary baha berdi.

Resmi çykyşlardan soňra dabaraly ýagdaýda kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek barada ylalaşyga gol çekildi hem-de Halkara Kuraş assosiasiýasynyň baýdagy Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine gowşuryldy.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 23-28-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek göz öňünde tutuldy. Sportuň bu görnüşi boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýändigini bellemek gerek.

Geçen ýyl kuraş boýunça dünýä çempionaty Hindistanyň Puna şäherinde geçirildi. Oňa 60 ýurduň türgenleri gatnaşdy. Türkmenistan bu çempionatda 13 türgen bilen gatnaşyp, türgenleriň käbiri medally dolandylar.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy