DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola kakasy Ýun Gi Çžunyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Koreýa Respublikasynyň Prezidentine we onuň maşgala agzalaryna ýürekden duýgudaşlygyny bildirdi hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi.

Ýun Gi Çžun Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň kakasy Seul şäherinde 92 ýaşynda aradan çykdy. Ol Ýense uniwersitetiniň hormatly professorydyr we öz durmuşyny mugallymçylyk bagyşlap, 1973-1997-nji ýyllarda amaly statistika ugry boýunça sapak berdi.

Related posts

Türkmen-koreý toparynyň nobatdaky mejlisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan “Hytaý – Merkezi Aziýa” 10-njy hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýar

Yeni Atamalar gerçekleşti

vepa

Leave a Comment