DÜNÝÄ

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň BAE-däki Ilçisi S.Karajaýew bilen bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Günbatar Aziýa departamentiniň başlygy jenap Abdulaziz Al Neýadiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan Halkara döwlet we hökümet baştutanlary derejesindäki forumyna BAE-niň ýokary derejede gatnaşmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda taraplar ykdysadyýet, medeniýet we bilim ýaly dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem ara alyp maslahatlaşdylar. Iki tarap hem konstruktiw gepleşik üçin minnetdarlyk bildirdiler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy dowam etdirmekligi ylalaşdylar.

Related posts

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi

“Merkezi Aziýa+Russiýa” daşary işler ministrleriň duşuşygy

Ata Watan Eserleri

Dünya Sağlık Örgütü Kapsamında Tütün İle Mücadele

vepa