BIZNES

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy ýokarlandy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda geçen ýylyň şol bir döwri bilen deňeşdirilende. 4.7 göterim artyp, 438 million dollara deň boldy.

Bu görkeziji Türkmenistany Özbegistanyň iri söwda hyzmatdaşlarynyň sanawynda GDA ýurtlarynyň arasynda Russiýadan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan soňra 4-nji orna çykarýar. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky agentligi habar berýär.

Şol hasabatda görnüşi ýaly, Özbegistanyň goňşy ýurtlary bilen daşary söwda gatnaşyklary 33 göterime deňdir.

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky daşary söwda saldosy oňyn görkezijilere eýedir. Harytlaryň eksport we import aratapawudy 277.7 million dollara deňdir.

Şu ýylyň martynda Özbegistanyň wise-premýeri Žamşid Hojaýewiň belläp geçişi ýaly, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky özara söwdanyň möçberi 4 esse ýokarlanyp, geçen ýyl 1 milliard dollara golaýlady. Şonda özbek tarapynyň ýolbaşçysy Türkmenistandan dokma önümleri, dökün, energiýa serişdeleri, himiýa we aýna senagatynyň önümlerini satyn almaga gyzyklanma bildirýändiklerini mälim edipdi.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy