JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Özbegistan gümrük maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky gümrük komitetiniň hünärmenleriniň wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy boldy.

Duşuşyk Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň gümrük edaralarynyň arasynda gümrük maglumatlaryny deslapdan alyşmak ulgamynyň işini ara alyp maslahatlaşmak meselesine bagyşlandy.

Özbegistanly kärdeşler gümrük maglumatlaryny deslapdan alyşmak ulgamynyň Özbegistanyň gümrük edaralaryna ornaşdyrylyşy, maglumatlary bermegiň ulanylýan tertibi we usullary boýunça tejribeleri bilen paýlaşdylar.

Taraplar, ozal baglaşylan ikitaraplaýyn resminamanyň çäginde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň gümrük edaralarynyň arasynda maglumat alyşmak bilen baglanyşykly tehniki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasyndaky Teswirnama 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekildi.

Ýene-de okaň

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri