Ortaýer deňziniň tyllaýy şöhle saçýan güne we mawy deňiz suwyna eýe bolan deňiz kenarlaryny, şeýle hem altyn öwüsýän çägelerini görmäge dünýäniň çar künjeginden syýahatçylar gelýär. Goýny jenneti mekana öwrülen Türkiýe diňe bir jahankeşdelere däl, eýsem ýitip ýok bolmak howpy abanýan “Caretta carettas” atly deňiz pyşbagalarynada gujagyny açýar. Bu deňiz pyşbagalarynyň höwürtgeleýän ýerleriniň 99 göterimi Türkiýede we Kiprde ýerleşýär. Olaryň köpelme döwründe daşky gurşaw faktorlaryň zeper ýetirmegini öňüni almak maksady bilen Türkiýede 20-den gowrak kenar gorag astyna alynýar.
Türkiýede tebigat bilen ýakyn sazlaşykda bolan syýahatçylar her ýylyň maý-awgust aýlary aralygynda dogduk mekanyna gaýdyp gelýän bu täsin deňiz jandarlary has ýakyndan synlap bilerler. Gorag astyna alynan kenar ýakalaryň käbirleri Belek, Patara, Göksu, Köýçegiz-Dalýan we Fethiye-Göçekde ýerleşýär. Dalýandaky İztuzu kenary bolsa caretta pyşbagalarynyň iň gowy görýän kenarlaryndan biri bolup durýar.
İztuzu- Caretta caretta pyşbagalarynyň iň halaýan deňiz kenary
İztuzu kenary Türkiýäniň iň asuda (cittaslow) şäherleriniň biri bolan Köýçegizde, Marmaris bilen Fethiýe arasynda ýerleşýär. Deňiz pyşbagalarynyň höwürtgeleýän möwsümlerinde İztuzu kenarýakasy 20:00-dan 08:00-a çenli ýapyk bolýar.
Patara kenary
Uzynlygy 18 km bolan Türkiýäniň iň uzyn kenarlaryndan biri bolan Patara kenarýakasy, Türkiýedäki Caretta carettalarynyň möhüm ýaşaýyş ýerleriniň biri bolup durýar.