BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO tutuş dünýäde mekdeplerde smartfonlary ulanmaga gadaganlyk girizmegi maslahat berdi. Bu barada guramanyň hasabatynda bellenilip geçilýär.
ÝUNESKO edarasynyň taýýarlan hasabatynda mobil telefonlary çendenaşa ulanmagyň ýetişigi peseldýändigi hem-de çagalaryň wagtynyň köp möhletini ekranyň başynda geçirmeginiň olaryň duýgy durnuklylygyna ýaramaz täsir edýändigi bellenildi.
Şeýle hem bu resminamada smartfonlara gadanlyk girizmek maslahat berlip, bilimde adamlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga ünsi gönükdirmegiň zerurdygy, şeýle hem mugallymlar bilen özara maslahatlaşmalaryň öňüne hiç zadyň geçmeli däldigi mälim edildi.
Umuman, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy sanly tehnologiýalarynyň oýlanyşyksyz ulanylmagyndan gaça durmagyň möhümdigini belleýär. Gurama sanly tehnologiýalaryň bilim bermäge we ykdysady netijelilige edýän oňyn täsiriniň hem bardygyny gizläp durmady. ýöne sanly tehnologiýalaryň ýerinde hem-de netijeli ulanmagyň zerurdygyny mälim etdi.
ÝUNESKO-nyň maglumatyna görä, BMG-ä agza döwletleriň 4-den birinde mekdeplerde smartfon ulanmaga gadaganlyk girizilendigi bellenilýär. Fransiýa 2018-nji ýylda gadaganlyk girizen bolsa, Niderlandlar 2024-nji ýylda çäklendirme girizmegi meýilleşdirýär.
Russiýada 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ähli mekdeplerde sapak wagty mobil telefonlary ulanmak gadagan edilipdi.
