MEDENIÝET

“Arkadag” gazeti hem-de “Arkadag” teleýaýlymy öz işine başlady

Arkadag şäherindäki Ruhyýet köşgüniň binasynda edaralarynyň birnäçesi ýerleşýär. 5 gatly binada şäher bilen adybir “Arkadag” teleýaýlymynyň edarasy hem-de  “Arkadag” gazetiniň redaksiýasy ýerleşýär.

Ýurdumyzyň taryhynda täze sahypany açan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň binalarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilýän günlerinde “Arkadag” gazetiniň ilkinji sany çapdan çykdy.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen döredilen bu hepdelik döwürleýin neşiriň esasy maksady täze taryhy eýýamda Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini giňden wagyz etmekden we sebitde deňi-taýy bolmadyk “akylly” Arkadag şäheriniň mümkinçiliklerini görkezmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, şu gün bu gazetiň ilkinji sanynyň neşir edilmegi täze şäheriň giň okyjylar köpçüligine tanyşdyrylmagy babatda uly ähmiýete eýedir.

Şeýle hem “Arkadag” teleýaýlymynyň gepleşikleriniň ýaýlyma goýberilip başlanmagy bellärliklidir. Mälim bolşy ýaly, bu ýaýlym Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerini we ýurdumyzda, şol sanda Arkadag şäherinde amala aşyrylýan giň gerimli işleri hemmetaraplaýyn şöhlelendirmek maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary esasynda döredildi.

Ýene-de okaň

Ýaşyl geljege ynamly ädim: Paýtagtymyzda eko-festiwal geçirildi

Aşgabatdaky Eýranyň Medeniýet merkezinde çeperçilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ata Watan Eserleri

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy