JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri TÜRKSOÝ-yň ordeni bilen sylaglandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan guramanyň iň ýokary sylagy bolan TÜRKSOÝ-yň ordeni bilen sylaglandy.

Şu günler ýurdumyzda saparda bolýan Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew türkmen halkynyň Milli Liderine bu abraýly baýragy dabaraly ýagdaý gowşurdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem öz gezeginde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň ýokary sylagy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Mälim bolşy ýaly, TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllyk baýramynyň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeligi geçirildi.

Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan Gündogaryň akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýyly”, Änew şäherini hem şol ýyl üçin «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etdi.

Şeýle hem Türki dünýäsiniň inženerler we binagärler birleşiginiň baş sekretary Ilýas Demirji tarapyndan türkmen halkynyň Milli Liderine “Türki dünýäsine ýokary hyzmatlary üçin” atly medaly gowşurdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady