JEMGYÝET

Hytaýda dünýäde iň çalt işleýn smatrfon öndürildi

«Iqoo» brendi bilen meşhurlyk gazanan «Vivo» hytaý kompaniýasy «Iqoo Monster» diýlip atlandyrylýan täze smartfony öndürdi. Ol heniz müşderilerine-de doly gowşup ýetişmänkä, mobil ulgamlaryň ynamdarlygyny bahalaýan «AnTuTu» saýtyndan 407 müň utuk ýygnamagy başardy. Ýöne täze smartfonyň ady «AnTuTu»-nyň fewral aýyndaky sanawynda görkezilmeýär. Çünki ol mart aýynda tanyşdyryldy. Diýmek, şu aýyň jemleri boýunça täzelenjek sanawyň başynda biz «Iqoo Monster»-i görüp bileris.

Täze smartfon «Snapdragon 855» prosessorynda işleýär. Oňa 256 gigabaýtlyk maglumaty ýerleşdirmek mümkin. Şeýle hem onuň gurluşynda NFC çipi, sagatda 4000 мА-lyk akkumulýator we 6,41 dýumly ekran işleýär. 45 minutda doly zarýadlanyp bilýän samrtfon 13 megapiksellik hilde surata düşürip bilýär.

 

Related posts

Modern İpek Yolu Türkmenistan’da Hayat Buluyor

vepa

Türkmenistanlylar Gurban baýramynda 4 gün dynç alarlar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyga ygrarly