DÜNÝÄ

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gelen myhmanlar bilen geçirilen duşuşyklar

Aşgabat şäherindäki “Ýyldyz” we “Arçabil” myhmanhanalarynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary bilen daşary ýurt kompaniýalaryň duşuşyklary bolup geçdi. Duşuşyklara Ýaponiýanyň, Belgiýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Türkiýäniň kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Şu ýerde wekilleriň 29-njy iýunda geçiriljek Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmaga geldiklerini ýatlamak ýerliklidir.

Duşuşyklarda ylym-bilim, tehnologiýa, medeniýet, oba-hojalygy we beýleki ugurlar boýunça Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Muňa mysal edip, Arkadag şäheri bilen Gruziýanyň Telawi arasynda Medeniýet boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny görkezmek bolar.

Mundan başga-da, ÝUNESKO-nyň bilim ulgamynda maglumat tehnologiýalary boýunça Institutynyň direktory bilen bolan duşuşykda, Arkadag şäheriniň mugallymlaryň emeli aň we ösen sanly tehnologiýalar boýunça hünär derejesini kämilleşdirmegiň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «BOMAG GmbH» kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda bolsa, Arkadag şäheriniň infrastrukturasynyň mundan beýläk hem kämilleşdirmek maksady bilen, tehnikalary we tehnologiýalary getirmegiň ugurlary maslahatlaşyldy.

Mundan başga-da, Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimleri we Belarus Respublikasynyň Minsk şäheriniň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň orunbasary bilen duşuşyklar geçirildi.

30-njy iýunda Arkdag şäherinde “Akylly şäher – Arkadag” atly halkara maýa goýum forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisi geçirildi

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy