BILIM

Türk-azerbaýjan uniwersiteti dörediler

14-nji we 28-nji maýda iki tapgyrda geçirilen prezident saýlawlaryna ýeňiş gazanan we gaýtadan döwlet baştutany wezipesine saýlanan Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan özüniň ilkinji daşary ýurt saparlaryny Demirgazyk Kipr we Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrdy.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklarda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşyldy. Şol maslahatlaşmalaryň çäklerinde türk-azerbaýjan uniwersitetini döretmek babatda hem pikir alşyldy.

– Türkiýe-Azerbaýjan uniwersitetini döretmek babatda tagalla ederis Bu babatda Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň ýolbaşçysy azerbaýjanly kärdeşleri bilen gepleşikler geçirdi. Taslamanyň hukuk binýadyny döretmek zerur. Şeýlelikde, azerbaýjanly ýaşlaryň Türkiýede bilim alşy ýaly, türk ýaşlarynyň hem Azerbaýanda bilim almagyna mümkinçilik dörediler – diýip, Prezident Ärdogan gepleşikleriň jemleri boýunça geçirilen metbugat ýygnagynda belläp geçdi.

Şeýle hem Ärdogan Azerbaýjanyň Prezidenti bilen energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşandyklaryny belläp, bu ugurda degişli ministrleriň derejesinde gepleşikleriň dowam edýändigini mälim etdi.

Ärdogan Ýewropa ýurtlarynyň Türkiýäniň üsti bilen tebigy gaz satyn almak babatda gyzyklanma bildirýändigini mälim edip, bu ugurda degişli işleri geçirmäge taýýardyklaryny aýtdy.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar