BIZNES

Türkmenistan “Ýewraziýa – biziň öýümiz” sergisine gatnaşýar

Şu günler Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisleri geçirilýär. Bu möhüm syýasy wakalaryň çäklerinde Soçi şäherindäki “Sirius” ylym we sungat seýilgähinde “Ýewraziýa – biziň öýümiz” atly sergi ýaýbaňlandyryldy.
Bu sergide Russiýanyň, Ermenistanyň, Kubanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Belarusyň diwarlyklary ýerleşdirildi. Bu sergide oňa gatnaşyjy ýurtlaryň dürli pudaklarynyň gazanan üstünlikleri görkezilýär.
Türkmenistanyň diwarlygynda hem ýurdumyzyň dokma, haly we beýleki senagat düzümleriniň önümleri görkezilýär. Ony Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri Mihail Mişustin, Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Akylbek Žaparow, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan we beýleki ýolbaşçylar synladylar.
Bu forumda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow myhmanlara Türkmenistanyň diwarlygy barada giňişleýin maglumat berdi.

Ýene-de okaň

Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmen-türk ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrikde täze önümçilik işe giriziler

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar