SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

«Türkmenhowaýollary» agentligi: haj parzy üçin Saud Arabystanyna 8 ýörite gatnaw

Haj parzyny berjaý etmek üçin zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we getirmek üçin ýörite gatnawlary gurnaldy. Bu barada turkmenistanairlines.tm saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentligi 2023-nji ýylda ýurdumyzyň ilatynyň Mukaddes Gurban aýynda Saud Arabystany Patyşalygyna haj parzyny berjaý etmek üçin zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin Türkmenistanyň Müftüsiniň Müdüriýeti bilen bilelikde 2023-nji ýylyň iýun we iýul aýlarynda Aşgabat – Jidda – Aşgabat hem Aşgabat – Medine – Aşgabat ugurlary boýunça «Boeing 777-200» kysymly howa gämisinde 8 sany ýörite ýolagçy gatnawlary gurnalýar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýetiniň, 2023-nji ýylyň haj möwsüminde 2312 sany ildeşlerimizi haj parzyny berjaý etmekleri üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ibermegi meýilleşdirýändigini habar beripdik.

Haj parzy Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde berjaý edilýär. 2023-nji ýylda Gurban baýramy iýun aýynyň 28-29-30-y günlerine gabat gelýär.

Ýene-de okaň

«Aeroflot» we «Belawia» awiakompaniýalary Minsk arkaly Türkmenistana bitewi petek ulgamyny işe girizdiler

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler