BILIM

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan dabaralar

Şu gün — 1-nji iýunda paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn alada bilen gurşalyp alnandygyny aýdyň görkezýän baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy.

Ir säher bilen paýtagtymyzyň «Aşgabat» hem-de «Daşkent» medeni-dynç alyş seýilgählerinde, «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde hem-de Döwletliler köşgünde şanly sene mynasybetli aýdym-sazly dabaralar geçirildi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Medeniýet ministrligi, Aşgabat şäher häkimligi, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary, Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi tarapyndan guralan çäreler çagalarda toý şatlygyny döretdi.

Çagalaryň, şol sanda mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli bäsleşikler geçirilip, ýeňijilere höweslendiriji baýraklar gowşuryldy. Ýaşajyk sazandalaryň, tansçylaryň çykyşlary, ertekileriň gahrymanlary bilen guralan oýunlar, sport bäsleşikleri, dürli sergiler baýramçylyk çäreleriniň şatlygyny artdyrdy.

Related posts

Russiýada täze okuw ýyly 1-nji sentýabrda başlaýar

Attestat bilen Türkiýede ýokary okuw jaýyna ýerleşmek

Arkadag şäherinde Garward ýaly uly uniwersitetlerde okamak mümkinçiligi boljak iňlis dilli mekdebi açylar

Leave a Comment