DÜNÝÄ

Yssy howa çydamly arylar ýetişdiriler

Ählumumy maýylganlyk we howanyň üýtgemegi arylara we köp janly-jandarlara howp salýar. Birleşen Arap Emirliklerinde howanyň yssy derejesiniň ýokarlanmagy bilen arylaryň genetiki taýdan üýtgedilmegi ugrunda degişli işler alnyp baryldy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň genetika boýunça bilermenleri arylaryň DNK-syny üýtgetdiler. Maksat arylary ählumumy maýylganlyga çydamly etmekden ybaratdyr.

Howanyň yssy derejesiniň 40-45-ä ýetimegi bilen arylaryň ýaşamak mümkinçiliginiň azalýandygy nazarda tutulyp, munuň degişli işler geçirildi we yssy howa çydamly arlary ýetişdirmek maksat edinildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatlarynda ary we kebelek ýaly tozanlaýjylaryň sanynyň 35 göterim azalandygy görkezilýär.

Related posts

Ştaýnmaýer: Germaniýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolar

Tom we Jerry 85 ýaṣady

Taryhda şu gün: 21-nji iýun

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment