Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Adhanom Tedros Gebreýesus, BSGG-nyň global saglyk meseleleriniň gün tertibi bilen geçirilen metbugat ýygnagynda çykyş etdi.
2022-nji ýylyň iýulynda tutuş dünýäde maýmyn mama keseliniň çalt ýaýramagy bilen halkara derejesinde jemgyýetçilik salgygy babatda adatdan daşary ýagdaýyň yglan edilendigini mälim eden Gebreýesus ol bu ýokançlyk sebäpli 111 döwletde 87 müňden gowrak wakanyň hasaba alnandygyny belledi.
Gebreýesus soňky 3 aýyň dowamynda bu keseliň ozalky 3 aýa garanyňda 90 göterim azalandygyny belläp, BSGG-niň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça komitetiniň maslahaty esasynda bu wirus bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlaryň ýatyrylandygyny belledi.
Mälim bolşy ýaly, golaýda BSGG koronawirus ýokanjy sebäpli hem adatdan daşary ýagdaýlaryň ýatyrylandygyny mälim edipdi.