SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Agyz-burun örtükleriniň dakylmaly ýerleri

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda çykaran 245 belgili Buýrugy esasynda ýurdumyzda ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäresi hökmünde käbir ýerlerde agyz-burun örtükleriniň dakynylmagy göz öňünde tutulypdyr.

Şol buýrukda ýurdumyzda epidemiýa garşy-sanitariýa (öňüni alyş) çäresi hökmünde  ähli adamlar (mekdebe çenli ýaşly çagalar muňa degişli däldir) tarapyndan agyz-burun örtükleriniň şu aşakda beýan edilen ýerlerde dakylmagynyň hökmanydygy bellenilipdir.

  • Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde;
  • jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde;
  • köpçülikleýin ýapyk binalarda.”.

Şol buýrukda görnüşi ýaly, mekdebe çenli ýaşly çagalaryň agyz-burun örtügi dakynmagy hökmany däldir.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

 

Related posts

Taýlandyň haçan syýahatçylary kabul edip başlajakdygy belli boldy

Malaýziýanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Hytaýyň sanjymy hem taýýar bolýar

Ata Watan Eserleri