SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

2 günde 35 müň rus syýahatçysy Antalýada

Türkiýäniň “Syýahatçylyk paýtagty” hasaplanýan Antalýa myhmanlar gelmegini dowam edýär. Ynha iki güniň içinde bu dynç alyş zolagyna 35 müňden gowrak adam geldi.

Antalýanyň häkimi Ersin Ýazyjy: “Myhmanlarymyz gelip başlady. Howa menzilinden gelen ýolagçynyň sany ilkinji gezek bu ýyl 34 müň 996 adama ýetdi. Bu gün gelen 17 müň 771 rus myhmanlarymyz bar. Düýn 22 müň rus syýahatçysy gelipdi. Ynha indi Germaniýadan geljek nemes myhmanlarymyza hem garaşýarys. Maliýe barada aýdanymyzda bolsa ýitirilen ýitgileriň öwezini dolup bilmesekde, çykdaýjylary azaldyp bileris “ – diýdi.

 

Related posts

Koronawirusa garşy burun spreýi döredildi

Ata Watan Eserleri

S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň täze toplumy gurlar

2021-nji ýylda adama doly emeli ýürek oturdylar

Ata Watan Eserleri