Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty “Açyk gapylar” gününi yglan edýär. “Mugallymlar gazetinde” çap edilen bildirişe görä,Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty 2023 — 2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary şu ýylyň 3-nji we 10-njy maýynda sagat 14:00-da institutyň baş binasynda ýerleşýän mejlisler zalynda geçirilýän «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.
Şol günlerde ýaşlar institutda okuwlaryň guralyşy, terjime işleriniň alnyp barlyşy, ýokary okuw mekdebinde öwredilýän hünär dilleri, geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreler bilen tanşyp, okamak isleýän ýaşlara bildirilýän talaplar, talyplaryň ýaşaýyş we durmuş şertleri, olaryň hukuklary we borçlary barada maglumat alyp bilerler.
Institutyň salgysy: Aşgabat şäheriniň
Aba Annaýew köçesiniň 47-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 36-84-08; 36-87-41.
Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com
Türkmen döwlet Ykdysadyýet we dolandyryÅŸ instituty:“Açyk Gapylar 2023â€