JEMGYÝET

Arkadag şäheri Beýik Britaniýada tanyşdyryldy

Beýik Britaniýanyň “akylly” şäherleriniň hataryna girýän Milton-Kins şäheriniň häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasynyň wekilleriniň Milton-Kins şäheriniň dolandyryş edarasynyň ýolbaşçy wekilleri bilen duşuşygy hem-de onuň dowamynda Arkadag şäheri bilen giňişleýin tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň Beýik Britaniýaniýadaky Ilçisi Ý.Serýaýew öz çykyşynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler barada gürrüň bermek bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, “akylly” şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp, Arkadag şäheri boýunça alnyp barylýan işler barada duşuşyga gatnaşyjylary giňişleýin tanyşdyrdy we degişli foto şekiller bilen birlikde maglumatlary beýan etdi.

Çäräniň dowamynda britan tarapy, Milton-Kins şäheri barada, onuň taryhy, ilaty, “akylly” şäher hökmünde dürli ugurlarda ulanylýan häzirki zaman tehnologiýalary, şäheriň ykdysady ösüşi, 2050-nji ýyla çenli ösüş maksatnamasy barada maglumatlar berdi.

Şeýle-de Milton-Kins şäheriniň Dolandyryş edarasynyň Geňeşiniň ýolbaşçysy Piter Marland öz çykyşynda Milton-Kins şäheriniň daşary ýurtlaryň “akylly” şäherleri bilen hyzmatdaşlyk edýändigini habar berdi. Arkadag şäheri bilen hem hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we Milton-Kins şäheriniň dolandyryş edarasynyň wekilleriniň Türkmenistana sapary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirilýändigi bellendi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar