SPORT

Çempionlar ligasy: “Real” we “Milan” ýarym finalda

UEFA-nyň Çempionlar ligasynda 1/4 finalyň jogap duşuşyklary geçirildi. Ispaniýanyň “Real Madrid” topary myhmançylykda Angliýanyň “Çelsi” toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk London şäherindäki “Stemford Brij” stadionynda geçirildi.

Ýeňiş gazanan toparyň gollaryny 58-nji we 80-nji minutlarda Rodrigo geçirdi. “Real Madrid” topary ilkinji duşuşykda hem 2:0 hasabynda ýeňipdi.

“Real Madrid” topary ýarym finalda “Mançester Siti-Bawariýa” duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar.

16 ÝYLDAN SOŇRA ÝARYM FINALDA

Çempionlar ligasynyň beýleki duşuşygynda Italiýanyň 2 topary duşuşdy. “Milan” bilen “Napoli” toparlarynyň arasyndkay duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Bu toparlaryň arasyndaky ilkinji duşuşykda “Milan” topary 1:0 hasabynda ýeňipdi.

Şeýlelikde, “Milan” topary 2007-nji ýyldan soňra, ýagny 16 ýyldna soňra täzeden bu ýaryşda ýarym finala çykdy.

“Milan” topary ýarym finalda “Inter-Benfika” duşuşygynyň ýeňijisi bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady

Türkmen türgenleri bir halkara ýaryşda 40 medal gazandy

«Ahal» topary Hindistanda ýeňiş gazandy

Ronaldo Saud Arabystanyda “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

Luka Modriç 64 ýyllyk rekordy täzeledi