JEMGYÝET

Prezident Ärdogan: Türkiýe Respublikasyna bildirilen raýdaşlyk üçin Türkmenistana hoşallyk bildirýärin

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň Prezidentine Nowruz baýramy mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Şol gutlag hatynda Türkiýe Respublikasyna bildirilen raýdaşlyk üçin hoşallygyny bildirdi.

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Baharyň buşlukçysy bolan Nowruz Merkezi Aziýadan Balkan ýurtlaryna çenli ägirt uly giňişlikde ýaşaýan halklaryň gadymdan gelýän baýramydyr. Umumy däp-dessurlarymyzy geljek nesiller üçin gorap saklamak maksady bilen, dünýäniň çar künjeginde her ýyl bellenilýän Nowruz baýramy biziň dost-doganlygymyzyň beýanydyr. Bu baýram tebigatyň we topragyň täzeden janlanmagynyň, baharyň, täze başlangyçlaryň nyşanydyr.

2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda bolup geçen ýertitremeden soňra, Türkiýe Respublikasyna bildirilen raýdaşlyk diňe bir ýurtlarymyzyň arasyndaky berk arabaglanyşygy däl-de, eýsem, biziň halklarymyzyň ýüreklerinde ähli döwürlerde Nowruz baýramynyň ruhunyň ýaşaýandygyny hem görkezdi.

Agzybirligiň we jebisligiň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan medeniýetimizi gorap saklamaga ýardam berýändiginiň ajaýyp subutnamasy bolan Nowruz baýramy mynasybetli Siziň Alyhezretiňize, şeýle-de doganlyk türkmen halkyna berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Ýene-de okaň

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy