DÜNÝÄ

Hytaý-Merkezi Aziýa birinji sammiti geçiriler

Şu ýyl Hytaý Halk Respublikasy 2 sany uly diplomatik çäräni – Hytaý-Merkezi Aziýa birinji sammitini we “Guşak we ýol” halkara hyzmatdaşlyk forumynyň 3-nji mejlisini gurnamagy maksat edinýär.

Bu barada Hytaýyň daşary işler ministri Sin Gan belläp geçdi. “China Daily” neşiriniň habaryna görä, ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy HYtaýyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy esasynda hytaýly diplomatlaryň bu iki iri diplomatik çäräniň guramaçylygyny üpjün etmek üçin tagalla etjekdigini belledi.

Ministr Sin Gan Hytaýyň üstümizdäki ýyldaky diplomatik ugry barada durup geçip, Hytaýyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeldýändigini belledi we dünýä döwletleri bilen ygtybarly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin çemeleşiljekdigini, şeýle hem halkara gatnaşyklarynyň täze görnüşini ilerletmek ugrunda tagalla ediljekdigini aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Hytaý-Merkezi Aziýa” sammiti onlaýn görnüşde geçirilipdi.

Ýene-de okaň

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi