JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanda döwlet saparynda bolar

Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşykda ministrler türkmen-täjik gatnaşyklarynyň syýasy, ykdysady, ynsanperwer we beýleki ugurlardaky möhüm meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar, sebit we halkara guramalarynyň çäginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar barada pikir alyşdylar.

2023-nji ýylyň aprel aýynyň birinji ýarymynda meýilleşdirilýän Türkmenistan Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna döwlet saparyna taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Duşanbe şäherinde geçiriljek  Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň 5-nji ýubileý sammitine we  Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­ny esas­lan­dy­ry­jy döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­tine taýýarlyk işleri boýunça pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady