MEDENIÝET

6 ýyldan soňra täze kitabyny çykarýar

Bellı ýapon vazyjysy we terjımecısı Haruki Murakami täze romany çapdan çykarýar. Ýazyjynyň mundan ozalky romany 2017-nji ýylyň fewralynda çap edilipdir. 

Täze roman “Şäher we onuň ygtybarsyz diwarlary” diýlip atlandyryldy. Ol 2023-nji ýylyň aprelinde satuwa çykarylar, diýip “Şinçoşa” neşirýaty habar berýär.

Bu eserde ýazynyň öz dünýägaraýşy beýan edilýär. Roman 1200 sahypadan ybarat bolup, onuň bahasy 2970 ýen (takmynan 22 dollar) bolar. Kitap hem kagyz görnüşinde hem-de elektron görnüşde elýeterli bolar.

“Şäher we onuň ygtybarsyz diwarlary” ýazyjynyň 15-nji romany bolar. Ýazyjynyň mundan ozalky eserleri 40 dile terjime edildi. Ol köp sanly edebiýat baýraklarynyň eýesidir. Birnäçe gezek edebiýat boýunça Nobel baýragyna dalaşgär görkezildi.

Related posts

TÜRKSOÝ-yň 30 ýyllygy Parižde bellendi

Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň durky täzelener

Festiwala gatnaşyjylara söz berýäris

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment