MEDENIÝET

50 ýyllap her gün burger iýipdir

ABŞ-nyň ýaşaýjysy 2022-nji ýylyň 17-nji maýynda özüniň özboluşly ýubileýini belläp geçýär. Ol ýarym asyr her gün tiz tagam bişirýän restorandan burger iýipdir. Ginnesiň rekordlar kitabynyň habar bermegine görä, ol köplenç iki sany burger iýipdir.

Wiskinsin ştatynyň Fon-dýu-Lak şäheriniň ýaşaýjysy Donald Gorske 50 ýylyň dowamynda 8 gün burger iýmändir, galan günler tiz tagam taýýarlaýan restorana gidip, özüniň söýgüli tagamyny iýipdir. Ol özüniň ýübileýini ýene-de şol restoranda belläpdir, bu restoranyň diwarynda onuň portreti asylypdyr.

Amerikaly her iýen burgeri baradaky maglumatlary we töleg hatlaryny ýygnap goýupdyr. Şeýle hem ol öz öýünde ýörite şkaf ýasap, şol ýerde dürli ýyllardaky burgeriň gaplary saklaýar.

 

 

Dünýäniň iň garry erkek ýaşaýjysy

Related posts

Aşgabatda ÝB-niň Medeniýet hepdeliginiň çäginde konsert geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň muzeý işgärleri tejribelerini paýlaşdylar

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanda hindi kinosy surata düşürilýär