MEDENIÝET

Russiýada pişikleriň baýramy

Şu gün bahar paslynyň ilkinji gününde Rusisýa Federasiýasynda pişikleriň güni bellenilýär. Haýwanlaryň bu görnüşi bahar paslynyň gelendigini ilkinji bolup duýýarlar. Şonuň üçin Russiýada baharyň ilkinji güni olaryň baýramçylygy hökmünde ýurduň senenamasyna girizlipdir. 

Tutuş dünýäde pişikleriň güni bar. Halkara pişikler güni her ýyl 8-nji awgustda bellenýär. Bu baýramçylyk güni “Animal Welfare” halkara gaznasynyň başlangyjy 2002-nji ýylda döredildi. Käbir ýurtlarda bu baýramçylyk dürli wagtlarda bellenilip geçilýär. Ýaponiýada fewral aýynyň ahyrynda, Ameirkada oktýabr aýynda, Italiýada noýabrda, Russiýada bolsa bahar paslynyň ilkinji gününde bellenilýär.

Felinologiýa – pişikleri öwrenýän ylym diýmekdir. Bu ylmy düşünjede pişikleriň akylly haýwanlardygy bellenilýär.

 

Ýene-de okaň

Türkmen saz sungatyna III halkara mukam forumynda ýokary baha berildi

Türkmenistanyň döredijilik wekiliýeti Özbegistandaky dabaralara gatnaşdy

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi