SPORT

Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky tutluşygyna çykar

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow “Bellator MMA” ýaryşynyň çäklerinde nobatdaky tutluşygyna çykar. Bu barada bu ýaryşy gurnaýjy guramanyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Bu tutluşyk 2023-nji ýylyň 10-njy martynda ABŞ-nyň San-Hose şäherinde “Bellator 292” ýaryşynyň çäklerinde geçiriler.

Türkmen türgeniniň bu tutluşykdaky garşydaşy litwaly Ýulius Angliskas bolar.

Mälim bolşy ýaly, Döwletjan Ýagşymyradow “Bellator” ýaryşynyň çäklerinde geçiren 2 tutluşygynda ýeňlişe sezewar bolupdy. Kori Anderson Ýagşymyradowy 2021-nji ýylyň aprelinde ýeňipdi. Döwletjan Ýagşymyradow soňra Karl Albrektssona garşy tutluşykda şowly çykyş eden hem bolsa, eminleriň çözgüdi bilen ýeňlipdi.

Ýöne, ruhdan düşmän, nobatdaky tutluşygyna has erjel taýýarlanan Döwletjan “Bellator MMA” ýaryşynyň çäklerinde 3-nji tutluşygynda ýeňiş gazandy. Türkmen pälwany Rafael Karwalýony ýeňipdi.

Döwletjan Ýagşymyradow professional karýerasynda 25 tutluşyk geçirdi we olaryň 19-sinde ýeňiş gazandy. Galyberse-de, 16 tutluşygynda wagtyndan öň garşydaşyny ýeňmegi başardy.

31 ýaşyndaky Plunge şäherinden Ýulius Angliskas 13 tutluşyk geçirip, şolaryň 10-ynda ýeňiş gazandy.

Ýene-de okaň

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi