DÜNÝÄ

Özbegistanyň Prezidenti Singapurda saparda bolar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 16-18-nji ýanwar aralygynda Singapuryň Prezidenti Halima Ýakobyň çakylygy boýunça bu ýurtda döwlet saparynda bolar.

Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, sapary çäklerinde Özbegistanyň Prezidenti özüniň singapurly kärdeş Halima Ýakob hem-de Premýer-ministri Li Sýan Lun bilen gepleşikler geçirer.

Taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, innowasiýa, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem ýokary hünärli hünärmenlerini taýýarlamak babatda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary boýunça pikir alşarlar.

Bu ugurlar boýunça birnäçe möhüm ylalaşyklara we resminamalara gol çekmek meýilleşdirilýär.

Şeýle hem Özbegistanyň Prezidenti Singapuryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşar we iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik forumy geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Eýranyň Aşgabatdaky medeniýet merkezi surat çekmek bäsleşigini geçirýär

Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy