Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary dostlukly ýurduň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen ýaşlary bilen duşuşdylar.
Bilim ulgamy Türkmenistanyň we Hytaýyň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar. Dostlukly ýurda ilkinji döwlet saparynyň öň ýanynda «Ženmin Žibao» gazeti üçin taýýarlan makalasynda hormatly Prezidentimiz hytaýly hyzmatdaşlarymyzyň türkmen ýaşlaryna bilim bermäge taýýardyklaryna ýokary baha berilýändigini nygtap: «Häzirki wagtda eýýäm ýüzlerçe däl-de, müňlerçe türkmen talyby Hytaýda ýokary bilim aldylar we alýarlar. Türkmenistanlylaryň bu nesli iki halky hem-de döwleti has-da ýakynlaşdyrmak, gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan gatnaşyklary gaýtadan dikeltmek ugrunda asylly işleri dowam etdirijilerdir. Biz Hytaýyň Hökümetine ýaşlarymyza diňe bir hytaý dilini öwretmek üçin däl-de, dürli hünärler boýunça dünýä derejesinde ýokary bilim almaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdardyrys» diýip belledi.
Dostlukly ýurduň abraýly okuw mekdeplerinde tehniki we ynsanperwer bilimleri üstünlikli özleşdirýän türkmen ýaşlary bilen geçirilen duşuşykda hem şu meselä üns çekilip, ýurdumyzda ýaş nesliň hemmetaraplaýyn bilim almagy, ylym dünýäsine çuňňur aralaşmagy babatda döwlet derejesinde uly alada edilýändigi aýratyn nygtaldy.
Wekiliýet agzalary bu ýerde bilim alýan talyplara Halk Maslahatynyň Başlygynyň galamyndan çykan «Ömrümiň manysy» atly kitaby gowşurdylar. Talyp ýaşlar döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine hem-de Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize ak ýürekden hyzmat etjekdiklerine ynandyrdylar.