MEDENIÝET

Teýlor Swiftiň pişiginiň bahasy 97 million dollar

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swiftiň eýeçiligindäki Oliwiýa Benson atly pişigi dünýädäki iň baý haýwanlaryň biridir. Pişigiň bahasy 97 million dollar diýlip çaklanylýar.

Oliwiýa Benson hojaýynynyň wideolaryna, ýadygärlik önümlerine we köp sanly meşhur sarp ediş harytlary üçin mahabat filmlerine gatnaşmak arkaly meşhurlyk gazandy.

Dünýädäki iň baý haýwanlaryň sanawy mahabat we beýleki çärelere gatnaşmak ýaly meşhur öý haýwanlarynyň sosial ulgamlarynyň seljermesi esasynda düzüldi.

500 million dollar bahasy bolan Gýunter VI atly nemes iti sanawda birinji orunda barýar. Ikinji orunda Nala atly pişik bolup, onuň jemgyýetçilik tordaky abunaçylarynyň sany 4 milliona deňdir. Onuň bahasy 100 million dollara deňdir. Üçünji orunda Swiftiň pişigi bar bolsa, dördünji orunda belli amerikan alypbaryjy Opra Uinfriniň 5 sanay iti bar. Olaryň bahasy 25 million dollardyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy