SPORT

Ronaldo Saud Arabystanyda: şertnamasyndaky üns çeken madda

Portugaliýanyň ýyldyzy Kristiano Ronaldo Saud Arabystanynyň ýokary futbol ligasynda çykyş edýän “Al-Nasr” toparynda çykyş eder. Ol täze topary bilen şertnama baglaşmak hem-de futbol janköýerleri bilen tanyşmak maksady bilen Saud Arabystanyna bardy.

Ronaldo bu täze şertnamasy bilen iň köp hak tölenýän futbolçylaryň biri bolar. Onuň şertnamasynyň möhleti 2025-nji ýyla çenli bolup, 2,5 ýylda 500 million ýewro gazanar.

Şeýle hem Ronaldonyň baglaşýan şertnamasynda köpleri ünsi çeken madda hem bar. Bu madda Ronaldonyň Angliýanyň “Nýukasl” toparyna geçip biljekdigini mälim edýär. “Nýukasl” topary şu möwsümde Çempionlar ligasyna oýnamaga hukuk gazanan halatynda, Ronaldo geljek möwsümde karýerasyny bu toparda dowam eder.

Mälim bolşy ýaly, bu iňlis toparyna Saud Arabystanynyň döwlet maýa goýum gaznasy eýeçilik edýär.

Related posts

94 ýyllyk stadion ýykylýar

Messi ahyrsoňy begendi: Ispaniýanyň Şa kubogyny eýeledi

Lewandowski “Altyn aýakgap” baýragyny aldy

Leave a Comment