Geçen hepdäniň penşenbe güni agşamara ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk arçalarynyň yşyklary ýakyldy. Täze ýyl baýramy golaýlaşdygyça, ynsan göwni telwaslanyp, süýji arzuw-hyýallara beslenýär. Ähli ünji-aladany köne ýylda galdyryp, täze ýyla täze arzuwlar, ýagşy niýetler bilen gadam basmak asylly däbe öwrülip, asyrlarboýy dowam edip gelýär.
Ösüş-özgerişlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilkinji gezek bellenilýän Täze ýyl baýramy häzirden şatlyk-şowhuna beslenýär. Şu günlerden alnyp barylýan taýýarlyk işleri asman boýlaýan Täze ýyl arçalarynyň, şeýle-de ýanýodalardaky, seýilgählerdäki arçalaryň bezeginde, söwda nokatlarynyň tekjelerini bezeýän dürli görnüşli sowgatlarda, aýdymçylaryň taýýarlaýan şowhunly çykyşlarynda, körpejelerimiziň dillerinde sena bolan goşgularda has aýdyň görünýär.
Bosaga gelen ýyl müçe senenamasy boýunça — towşan ýyly. Hemmeler Täze ýylyň şatlygynyň bosagasynda dur. Toý-baýramlaryň mekany hasaplanylýan gözel Diýarymyzda Täze ýylyň toý döwresi hem muny dolulygy bilen tassyklaýar. Ýokary guramaçylyga, baý many-mazmuna beslenýän dabaralar, joşgunly çäreler, ajaýyp bezegler bizi şeýle pursatlaryň dowamyna, baýramçylyk ruhuna atarýar.
Oňa jebislik, agzybirlik, millilik hem mahsus bolup, bitewülik binýadymyzy barha berkidýär. Bir supra jem bolan il-günümiziň döwletli ýyllary şatlykdan, begençden, buýsançdan doly kalplar bilen garşylamagynyň uly manysy bar. Ol döwletimiziň berkararlygynyň, başymyzda Arkadagly Serdarymyzyň bardygy, gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň parasadynyň durandygy bilen baglydyr. Şeýle sazlaşygyň, ajaýyp baglanyşygyň bolan ýerinde bolsa, ýyllarymyzyň bereketli geljekdigine berk ynanmaga haklydyrys.
Şu günler Täze ýylyň öňüsyrasynda söwda nokatlarynda gyzgalaňly dowam edýän söwdada, haryt bolçulygynda aýdyň görýäris. Şol harytlar ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan öndürilip, ýokary hili bilen tapawutlanýar. Täze ýyl baýramçylygyna ýurdumyzyň telekeçileri özleriniň zähmet sowgatlary bilen barýarlar. Bu ugurda konditer önümlerini öndürýän hususy kärhanalara aýratyn orun degişlidir.
Täze ýyl ulynyň-kiçiniň söýüp garşy alýan baýramçylyklarynyň biri. Ähli maşgala agzalary bir saçagyň başyna jem bolup, Täze ýyly täze arzuwdyr umytlar bilen garşylaýar. Şonuň üçin şu günlerden Täze ýyla taýýarlyk dowam edýär.
Mundan başga-da arçalar, dürli reňkli yşyklandyryş çyralary, Täze — 2023-nji ýylyň nyşany bolan heýkeljikler köp isleg bildirilýän harytlar. Şeýle-de, harytlara isleg bildirýän alyjy ykjam el telefonyndan ýörite programmadan peýdalanyp, söwda nokatlaryndan önümleriň birnäçe görnüşini sargap alyp bilýär. Bu bolsa, tiz wagtda getirip bermek hyzmatyndan peýdalanýan alyjylara döredilen ýeňillik bolup durýar.
Hawa, gözel paýtagtymyz Täze ýyl baýramçylygynyň keşbine girdi. Täze ýylyňyz gutly bolsun!
Leýli Tekäýewa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
