SIZDEN GELENLER

Awaza sammiti: üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm binýady goýuldy

Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Birinji Sammiti geçirildi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň gatnaşmagynda Birinji üçtaraplaýyn Sammiti uly üstünliklere beslendi.

Bu sammitiň wakalaryny dünýä jemgyýetçiligine we türkmen okyjylar köpçüligine ýetirmek üçin “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň topary hem degişli işler alyp bardy. Sammitiň başlanan gününden başlap, ilki bilen bu üç ýurduň degişli ministrlikleriniň arasyndaky duşuşyklary okyjylar köpçüligine ýetirdi.

Şu gün hem “Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinden sammitiň geçişi baradaky suratly we wideo habarlary okyjylara ýetirdi.

Sammitde esasan hem 3 ýurduň arasynda energetika, ulag we söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga degişli meseleleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň tebigy gazyny Türkiýä we dünýä bazaryna ibermegiň ýollary barada giňişleýin pikir alşyldy.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň döwletara, sebitleýin we halkara derejesinde strategiki häsiýete eýe bolandygy nygtaldy. Şeýle hem özara gatnaşyklaryň üçtaraplaýyn görnüşiniň däp bolan dostlukly, ynamdar gatnaşyklary berkitmek we gatnaşygy işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda Sammitiň üçtaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik berjekdigi nygtaldy.

Sammitiň ahyrynda möhüm yalalaşyklara gol çekildi.

Gol çekmek dabarasynda ilki bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitiniň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Gol çekilen möhüm resminamalaryň hatarynda,

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk;

2023 — 2025-nji ýyllar üçin ylym, bilim we medeniýet babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Çarçuwaly maksatnama;

Gümrük hyzmatdaşlygy boýunça bilelikdäki Konsultatiw topary döretmek barada Türkmenistanyň Hökümetiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň we Türkiýe Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Energetika babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Energetika ministrliginiň we Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Ulaglar babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň  arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Orazniýaz Kerimow,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň

Inženerçilik ulgamlary we toarlary kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.

Ýene-de okaň

Kämil bilim — ösüşleriň gözbaşy

Mukaddes bedew – milli mirasymyz

Ýylyň şygary – üstünlikleriň açary

Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga

2026-njy ýylyň şygary – üstünlikleriň gözbaşy

Saglyk ömrüň girewidir