SIZDEN GELENLER

Gadymyýetiň şu güni

Döwürleriň, döwranlaryň üýtgemegi bilen taryh öz açaryny geçmişe berýär. Şu günki gün bolsa, şol taryhy sesler ýaňlanyp, günümizde bizi geçmişiň ýaňy bilen oýarýar. Adamzat döräli bäri öz taryhy bilen dünýäniň jahankeşdelerini haýran galdyrýan şäherler, döwletler, obalar we beýleki ýerler hakykatyna seredeniňde häzirki zaman gözi bilen geçmişe dürbili bakan ýaly. Geçmiş hakykatdan hem daşda. Gadymy ýadygärlikleri özünde jemleýän Rime syýahat edýän her bir adamyň Watikana, onuň muzeýlerine hem-de Petriň ybadathanasyna aýlanyp görmezligi mümkin däldir.

Bu ýerde Rim papalary tarapyndan asyrlar boýy toplanan gymmatly eserler  geçmişiň beýik ussatlarynyň döreden eserleri, gadymy golýazmalar, dini we dünýewi ýygyndylar, köp sanly suratlar, nakgaşlyk hem-de heýkeltaraşlyk eserleri, şeýle-de birgiden sungat gymmatlyklary saklanýar. Iň gowy sungat eserleriniň saklanyp galmagy bilen adamzat öz taryhyny öwrenmäge başlapdyr. Dürli suratlar, suratlarda keşpler, söweşler we beýleki zatlar öz ornuny tapypdyr we hakykatynda taryh dogurdan hem sungat bilen birlikde öwrenilipdir. Watikanyň muzeýleri bu kiçi döwletiň çäginde ýerleşýän bitewi bir ýadygärlikler toplumy.

Bu ýer dünýä ýüzünde iň gelim-gidimli ýerleriň hatarynda bäşinji ýerde, Italiýada bolsa birinji orunda durýar. Bu ajaýyp eserleriň geçmiş bilen şu güni baglaýan sapaklary hem ol ikisiniň bagynyň hiç wagt ýitmejegini subut edýän hadysadyr. Olar bolsa sungaty söýüjiler jemgyýeti üçin 1771-nji ýylda açylýar. Geçmiş bilen gelejegi bir sapaga düzýän bu ajaýyp sungat eserlerini synlap, gadymy döredijileriň kalbyndaky buzlaryň eräp, olaryň ýyly mähri özlerine galkan edinip sungat eserlerini döredenligi hakynda oýlanýarsyň.

Watikan muzeýleriniň eksponatlarynyň köplügi sebäpli, bu ýere bir günde däl, hatda bir hepde-de hem doly aýlanyp çykmak mümkin däldir. Diýmek ynsanlaryň sungata beren ünsi, sarpasy ýokary derejeli bolup, ol hiç wagt synmaz erki gazanan gudratly hazynadyr. Watikandan başga- da ýer ýüzündäki hazynalary, sungat eserlerini döretmek bilen sungatyň düýnüni şu güne baglap bir bitewiligi saklaýan gudratdygyna ynanmak adamzadyň ruhuny arassalamaga mümkinçilik berer.

Jahan Gurbanowa,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň

Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Kämil bilim — ösüşleriň gözbaşy

Mukaddes bedew – milli mirasymyz

Ýylyň şygary – üstünlikleriň açary

Ýylyň şygary — täze ýeňişlere badalga

2026-njy ýylyň şygary – üstünlikleriň gözbaşy

Saglyk ömrüň girewidir