Açyşlar edebiýatda hem, astronomiýada hem, matematikada hem bir dürlidir. Olaryň ynsan durmuşyndaky täsiri, ynsan bilen ynsanyň arasyndaky baglanşygy bolsa, ýokary derejeli nusgawy eserleriň, ylymlaryň arabaglanşygyny düzýär. Dogrusy ýokary derejeli kämil açyşlar öz ýanlary bilen şahsyýetleriň hem atlaryny saklaýarlar. Olar taryhyň synagyndan geçen, döwrüň synagyndan geçen, ynsanlaryň hem- de wagtyň synagyndan geçip, nusgawylyk häsiýete eýe bolandyr.
Orta asyr pars edebiýatlarynda köp şahyrlaryň adyny sanap geçsek ýalňyş bolmazmyka diýýän sebäbi Orta asyrlarda ýaşap geçen ähli beýik alymlar ylymly sowatly bolupdyrlar. Olar medresäni ýokary derejede tamamlap bilipdirler we ol ýerde arap, pars dilllerini suwara bilmegi başarypdyrlar. Medreselerde bilim berýän mugallymlar talyplaryny ýokary derejede bilim bermegi başarypdyrlar. Şonuň üçin şol talyplar kerwen saraýlar bilen daş ülkelere gidip arkaýyn olaryň dillerinde gürläp bilipdirler, şol ýeriň medeniýetini öwrenmäge uly kömek beripdir. Her bir şygyr, goşgy ýazýan adamyň dünýägaraýşy giň bolmaly töweregindäki owadanlygy wasp edip bilmeli.
Mysal üçin: Döwletmämet Azady , Magtymguly Pyragy, Şemsetdin Muhammet Hafyz, Jelaletddin Rumy, Abulkasym Firdöwsi, Alyşir Nowaýy we başgada köp şahyrlar öz goşgularyny kyssa eserlerini pars dilinde ýazypdyrlar. Pars dilinde ýazmak şol döwürde has meşhur dilleriň biri hökmünde görlüpdir, emma şolaryň obalarynda ýaşaýan ilat şol dilde bilmesede şonuň terjimesini şahyrdan sorap olar bilen gürrüňdeş bolupdyrlar. Pars dillerde esasanam çet ülkelere kerwen saraýlar bilen gidenlerinde şol ülkeleri wasp edip hem ýazypdyrlar. Muňa mysal Hormatly Arkadagymyzyň “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda-da giňişleýin beýan edilýär. Kitapda esasanam şol gadym döwürde kerwen saraýlaryň nähili ýollar bilen çet ülkelere gidişleri barada-da gürrüň berilýär. Dogrusy dünýäniň çar künjünde gabat gelýän edebiýatyň hem- de beýleki ugurlaryň ylmy taraplaryň üstünlikleri bolsa, bu günki gün täzelikler bilen birlikde öwrenilýär. Her bir açyşlaryň taryhy üstünligi babatynda gerek bolan täzelikler, dünýäniň açyşlary bilen bagly syrly edebiýat hem- de sungat, ylym açarlary elbetde şahsyýetleriň kämil dünýägaraýşy bilen birlikde öwrenilýär.
Sülgünjemal Orazgeldiýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
