JEMGYÝET

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygy hanym Sahiba Gafarowany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda ýola goýulan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerini ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň başlygy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen duşuşar, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş eder hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirer.

Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminama gol çekmek meýilleşdirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Bakuda geçiriljek şäherleriň Bütindünýä forumyna gatnaşar

Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýada halkara atly oýunlaryna we at ýaryşlaryna gatnaşar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanda saparda bolar

Türkmen bedewleri Özbegistanda gözellik bäsleşigine gatnaşar

Özbek we hindi küştçisi dünýä çempionlygy üçin bäsleşer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministrini kabul etdi