Şu gün Katarda futbol boýunça dünýä çempionaty badalga aldy. Dünýä çempionatynyň ilkinji duşuşygy bolan Katar milli ýygyndysy bilen Ekwadoryň milli ýygyndysynyň arasyndaky oýnunyň öňüsyrasynda çempionatyň açylyş dabarasy geçirildi.
Katardaky 60 müň orunlyk “Al Baýt” stadionynda geçirilen açylyş dabarasynda Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad al-Tani, FIFA-nyň prezidenti Janni infantino, Arap döwletleriniň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Müsüriň Prezidenti Abdulfettah Al Sisi, Alžiriň Prezidenti Abdulmajid Tebbun, şol bir wagtda BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterriş we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.
60 müň orunlyk stadionynda dürli teatrlaşdyrylan oýunlar görkezildi. Günorta Koreýanyň meşhur BTS toparyndaky Jungkok we katarly aýdymçy hem-de režissýor Fahad Al-Kubaisi bilelikde “Dreamers” atly dünýä çempionatynyň aýdymyny ýerine ýetirdiler. Şol bir wagtda amerikaly meşhur aktýor Morgan Friman hem açylyş dabarasyndaky sahnalaşdyrylan dabaralara gatnaşdy.
Açylyş dabarasy asmana atylan feýerwerk bilen tamamlandy.
Katar bu çempionata 12 ýyl taýýarlyk görüp, 300 milliard dollardan gowrak pul serişdelerini sarp etdi. Bu çempioanata 1,2 million syýahatçynyň gelmegine garaşylýar.
Katardaky dünýä çempionatynda 64 duşuşyk geçirilip, 32 milli ýygyndy dünýä kubogyny gazanmak üçin bäsleşer.