BIZNES

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň goşmaça möçberleri çykarylar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Galkynyş” gaz käninde gaz guýularynyň gurluşygyny tamamlamak hem-de tebigy gazyň goşmaça möçberini çykarmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Geçen ýylyň awgustynda “Galkynyş” gaz käninde adaty gaz guýularyndan aýratyn çylşyrymlylygy bilen tapawutlanýan täze guýularyň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda meýilleşdirilen işleri bellenen möhletinden öň tamamlamak hem-de guýulary işe girizmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Täsin “Galkynyş” käniniň täze gaz guýularynda gazyň goşmaça möçberiniň alynmagyna garaşylýar. Bu gaz guýularynyň işe goýberilmegi ýakyn wagtda gazyň her ýylda çykarylýan möçberini artdyrmaga hem-de “Galkynyş” gaz käniniň täze desgalaryny özleşdirmegi taslama kuwwatyna çykarmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň düzümindäki möhüm ornuny nygtady we nebitgaz senagatynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmagyň bu ulgamdaky düýpli özgertmeleriň möhüm ugry bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tebigy gazyň çykarylýan möçberini yzygiderli artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Tramp: ABŞ Pakistanda nebit gözlär

Azerbaýjanyň tebigy gazy Siriýa iberilip başlanýar

Türkmenistan Türkiýä tebigy gaz ibermekde öňdäki orunlary eýeleýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň söwda hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Ukraina Azerbaýjadan tebigy gaz satyn almak isleýär

Eýran goňşy ýurtlara otly gatnawlaryny ýola goýar