BIZNES

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Owganystana sapary

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenistan-Owganystan-Pakistan” ugurly elektrik energetika taslamasynyň halkara müdirliginiň başlygy Myrat Artykowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Owganystanyň “Da Afghanistan Breshna Sherkat” (DABS) elektrik energetika kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Owgan kompaniýasynyň habar bermegine görä, türkmen wekiliýeti DABS kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Muhammad Hanif Hamza bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda 2024-nji ýyl üçin Türkmenistandan elektrik energiýasyny import etmek hem-de Nur-ul-Jihad podstansiýasynyň döwrebaplaşdyrmak işleriniň tamamlaýjy tapgyryndaky işler babatda pikir alşyldy.

Türkmen tarapy DABS kompaniýasynyň wekillerini 2024-nji ýyl üçin elektrik energiýasyny satyn almak babatda şertnama baglaşmak üçin Aşgabada çagyrdy.

Owgan kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň wekiliýetine hyzmatdaşlygy dowam etdirmek üçin başlangyçlaryna minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegi babatda ikitaraplaýyn duşuşygyň ähmiýetini belledi.

Related posts

Ýylyň şygaryna bagyşlanan maslahat

Ata Watan Eserleri

Ýanwar-oktýabr: 10 aýyň ykdysady görkezijileri

Telekeçilere goldaw: Telekeçilik işiňizi tölegsiz tanyşdyryň

Ata Watan Eserleri