JEMGYÝET

Türkmenistan-Katar: maýa goýum hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Katar Döwletine saparynyň çäklerinde Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Baş Sekretary Ahmed bin Hassan Al Hammadi bilen duşuşygy geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatiki ugry boýunça ikitaraplaýyn gün tertibiniň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň DIM-leriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň ähmiýeti barada bellenildi.

Söwda-ykdysady, maýa goýum we ulag ulgamlarynda gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meselelere seredildi. Diplomatlar şeýle hem medeni-ynsanperwer ugry boýunça gatnaşyklaryň giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol gün türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletiniň Milli bankynyň hem-de Ösüş gaznasynyň ýolbaşçy wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi.

Bu duşuşyklaryň dowamynda söwda, maliýe we bank ulgamlarynda iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurlarda gatnaşyklary has hem ösdürmek üçin anyk ädimler kesgitlenildi. Maýa goýum hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek boýunça taraplaryň gyzyklanmasy beýan edildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Katar Döwletiniň Milli Olimpiýa Komitetiniň Prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani bilen gepleşikleri geçirildi. Onuň dowamynda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi, hususan-da iki ýurduň Milli Olimpiýa komitetleriniň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselesine seredildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär