SIZDEN GELENLER

Nebitgaz pudagy täze ösüşlere barýar

Häzirki döwürde ata Watanymyz ähli ulgamlarda, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hem giň gerimli özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýar. Şunda ykdysadyýetiň durnukly ösüşi, ýurdumyzyň mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi hem-de halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegi üçin nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak milli strategiýanyň möhüm ugry bolup durýar.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” tassyklanylmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe gitmegine gönükdirilen maksatlara ýetmegiň ýolunda ädilen ähmiýetli ädim boldy.

Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatlyklaryny tapgyrlaýyn artdyrmak, strategik taýdan möhüm taslamany — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak, “Bagtyýarlyk” ýatagynyň şertnamalaýyn çäklerinde täze ýataklary ulanmaga girizmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça iri senagat desgalaryny, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa we elektroenergetika pudaklaryna degişli desgalary, harytlyk gazy öndürmek boýunça zawodlary we gaz gysyjy desgalary, her welaýatda gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polisterol, poliwinil hlorid, poliwinil atsetat, metanol, sintetik dokma süýümlerini öndürmek boýunça kärhanalary gurmak göz öňünde tutulýar. Şunda önümçiligiň ekologik ýagdaýyna aýratyn üns berler.

Nebitiň, gazyň we beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işlerini giňeltmek, ýurdumyzyň belli ýataklarynyň çäklerinde geofiziki barlag işlerini geçirmek we gözleg guýularyny burawlamak, geljekde özleşdirilýän nebitgaz ýataklarynda nebiti we gazy amatly çykarmak üçin 4D gözegçilik tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek meýdan seýsmiki toplumlarynyň 3D modelirlemeginiň täze usullaryny we programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Mundan başga-da, nebitgaz ýataklarynda ulanylýan guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak üçin täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, buraw işlerini güýçlendirmek, täze, ýokary netijeli we ekologik taýdan arassa tehnologiýalara, nou-haulara esaslanýan önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar.

Ata Watanymyz geosyýasy taýdan amatly ýerleşmeginiň hem-de uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolmagy netijesinde Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” ibermek boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeläp, dürli ugurlar boýunça, şol sanda Ýewropa we Aziýa bazarlaryna tebigy gazyň eksportyny artdyrmak üçin hem uly kuwwata eýedir.

Türkmenistan dünýäniň onlarça döwleti, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan iri daşary ýurt kompaniýalary, maliýe düzümleri we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy. Şolaryň hatarynda Hytaýyň kompaniýalary, hususan-da, dünýäde iň iri gaz känleriniň biri bolan “Galkynyş” känini özleşdirmäge, “Bagtyýarlyk” ýatagynyň şertnamalaýyn çäginde Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda gözleg işlerini geçirmäge, “Malaý” käninde kuwwatly gaz gysyjy bekedi işe girizmäge işjeň gatnaşýan Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) hem bar.

Nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berlip, bu ugurda geçirilýän halkara maslahatlaryň ähmiýeti uludyr.

Her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen iri halkara nebitgaz forumlarynda ýurdumyzyň bu ugurda ýeten üstünlikleri, hyzmatdaşlyk ugurlary, täze tehnologik çözgütler, nebitgaz ulgamyny durnukly ösdürmegiň täzeçil usullary we ony daşary ýurtlara ibermegiň diwersifikasiýa ugurlary, maýa goýumlary çekmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Bilşimiz ýaly, Türkmenistan baý nebit we gaz serişdelerine eýe bolup, gaz gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde 4-nji orny eýeleýär. Türkmen tebigy gazy turbageçirijiler arkaly Hytaý Halk Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana eksport edilýär. Ýurdumyzda öndürilen suwuklandyrylan tebigy gazyň daşary ýurtlara iberilişi hem yzygiderli ýokarlanýar.

Diýarymyzda sebitde deňi-taýy bolmadyk gazhimiýa önümçilik toplumlary guruldy. Şu mümkinçilikler we ýurdumyzyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga açyklygy bu halkara forumy nebitgaz ulgamynyň işini ilerledýän gepleşikleri geçirmek, bu ugurdaky täzelikleri öwrenmek, geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp giňişlige öwürýär.

Maýagözel Kullaýewa,

 Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy. 

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri