BIZNES

Gruziýa türkmen gazyny satyn almaga gyzyklanma bildirýär

Gruziýanyň nebit we gaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowaniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda boldy. Bu barada “www.newscentralasia.net” internet neşiri habar berýär.

Gruzin wekiliýeti “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow we beýleki pudak ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

Bu wekiliýetiň saparynyň maksady Türkmenistanyň tebigy gazyny Günorta-Kawkaz energetika koridory arkaly eksport etmek hem-de türkmen gazynyň Gruziýanyň energetika bazaryna eksport etmek mümkinçilikleri boýunça pikir alyşmakdan ybarat boldy. Bu barada gruzin korporasiýasynyň metbugat beýanatynda bellenilip geçilýär.

Taraplar türkmen çig nebitini we nebit önümleriniň Gruziýa eksport möçberini artdyrmak, şeýle hem Gara deňiz porty arkaly daşalmagy üçin logistika ugurlary boýunça özara maslahatlaşmalar geçirdi.

Bu meseleler boýunça deslapky ylalaşyklar gazanyldy. Şeýle hem geljekde Türkmenistanyň we Gruziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň hem çekilmegi bilen hyzmatdaşlygy ödürmek meýilleşdirildi.

Related posts

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

“Datmeni” haryt nyşanly şerbetler taýýarlanýar

«Malaý» gaz känindäki gaz gysyjy desgasy işe girizildi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment