JEMGYÝET

Owgan meselesi Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň Liderleriniň üns merkezinde

«Parahat, durnukly we gülläp ösýän Owganystan biziň serhetlerimiziň, biziň raýatlarymyzyň howpsuzlygynyň kepillikleriniň biridir». Astanada dowam edýän «Merkezi Aziýa ― Russiýa» sammitinde eden çykyşynda şu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkara gün tertibiniň aýratyn mowzugy bolan Owganystandaky ýagdaýlara ünsi çekdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär. 

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz çykyşynda Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýlary syýasy ýollar arkaly kadalaşdyrmak boýunça halkara gurallary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Eýranyň, Hytaýyň, BMG-niň owgan ugurly missiýalarynyň tagallalaryny goldaýandygyny aýtdy.

Owganystanyň halkara we sebitleýin ykdysady gatnaşyklara goşulyşmagy möhüm mesele bolup durýar. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz çykyşynda şu ugurda Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen iri taslamalar hakynda durup geçdi. Bu ýerde gürrüň, hususan-da, Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan ― Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlary, türkmen topragyndan owgan tarapyna çekilen demir ýollar barada barýar.

Related posts

Sürüjisiz ýük ulagy

vepa

Kastamonu’da Türkmen Sanat sergisi açıldı

vepa

Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellendi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment